Sepleriň elýeterliligi

Silde 100-den gowrak adam öldi


Owganystanyň ýerli resmileri ýurduň demirgazyk welaýaty Baglana gelen siliň ýüzden gowrak adamy öldürendigini, ýüzlerçi adamy bolsa ýaşaýan ýerinden göçmäge mejbur edendigini aýdýarlar.

Baglan welaýatynyň ýerli adminstratory Nur Mohammad Gozar Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna 7-nji iýundaky pidalaryň Gozar Gahe Nur etrabynyň ýaşaýjylary bolandygyny aýtdy.

Gozar sil suwunyň bu etraba 6-njy iýunda gelendigini we ýüzlerçe maşgalany öýlerini taşlap, beýigräk ýerlere gaçmaga mejbur edendigini gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG