Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko kasam kabul etdi


Ukrainanyň täze prezidenti Petro Poroşenko Kiýewde, ukrian parlamentinde guralan inagurasiýa dabarsynda prezidentlige resmi taýdan başlamak barada kasam kabul etdi.

Ol kasamdan soň ýygnananlara ýüzlenip, Ukraina parahatçylygyň, howpsuzlygyň we bitewiligiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle-de ol Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini ýazgardy, ol bu ýeriň ukrian topragy bolandygyny we ýene şeýle boljakdygyny aýtdy.

Poroşenko özüniň basym gündogar Ukraina parahatçylyk, häkimiýeti merkezsizleşdirmek we bu sebitde rus dilini erkin ulanmak kepilligini berýän proekt bilen sapar etjegini aýtdy.

Şeýle-de ol Donbasda ýerli saýlawlaryň geçirilmegine çagyrmak isleýändigini aýtdy.

Emma ol Ukraina hemişe unitar, birleşdiriji döwlet bolar we federallaşma ýol berilmez diýdi.

7-nji iýundaky inagurasiýa dabarasyna gatnaşanlaryň arasynda Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Orsýetiň Kiýewdäki ynanylan wekili hem boldy.
XS
SM
MD
LG