Sepleriň elýeterliligi

Türkmen demirýolunyň derdi näme?


Aşgabat, demirýol menzili. 17-nji iýun, 2013.

Aşgabat, demirýol menzili. 17-nji iýun, 2013.

Türkmenistanda hökümetiň demirýol gurluşygyna uly üns berýändigi, täze wagonlary satyn alýandygy aýdylýar, ikinji tarapdan adamlar otla bilet tapmagyň kyndygyny, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hiliniň pesdigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow golaýda Türkiýäniň Bodrum şäherinde gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşyp, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň 2014-nji ýylda ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.

Aşgabatda anna güni geçirilen hökümet maslahatynda bolsa, Türkmenistanyň regionda wajyp söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi, onuň wajyp halkara ulag halkasy hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Bu ugurda edilýän işler «halkara demirýol gatnawyny pugtalandyrmakdan başga, ýurdumyzyň welaýatlarynyň depginli ösüşine hem ýardam edýär» diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Şeýle-de anna güni ýurduň Demirýol ulaglary ministrligine daşary ýurtdan müňden gowrak täze wagon arabalaryny satyn almaga ygtyýar berildi.

Ýöne soňky ýyllarda demirýol gatnawyny ösdürmek boýunça edilýän şeýle uly işlere garamazdan, Türkmenistanda ilatyň esasy şäherara transportlarynyň biri bolan otly hyzmatynyň kemçilikleri sanardan kän diýip, ýurt içinden gowuşýan habarlarda aýdylýar.

Eýsem türkmen demirýol hyzmaty ilatyň barha ösýän talaplaryny ödemekde nähili kynçylyk çekýär?

Türkmenistanda demirýol gatnawyny tizleşdirmek, ýygjamlaşdyrmak we otlularda halka edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak üçin nämeler edilmeli?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Eger-de öz demirýol tejribeleriňizi, türkmen we daşary ýurt demirýol hyzmaty baradaky pikirleriňizi paýlaşsaňyz, söhbete goşulsaňyz, minnetdar bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG