Sepleriň elýeterliligi

Kosowada parlament saýlanýar


Haşim Taçi üçünji möhlet premýer-ministr bolmaga ymtylýar.

Haşim Taçi üçünji möhlet premýer-ministr bolmaga ymtylýar.

Maý aýynda parlament dargadylandan soň, Kosowada şu gün irki parlament saýlawlary üçin ses berişlik başlandy.

Haşim Taçi (Hashim Thaci) 8-nji iýunda geçirilýän saýlawlarda üçünji möhlet premýer-ministr bolmaga ymtylýar.

Kosowanyň Azat ediş goşunynyň öňki syýasy ýolbaşçysy häzir wagtlaýyn premýer-ministr we Kosowanyň Demokratik partiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Emma syýasy synçylar ilatyň Kosowada, işsizligiň resmi görkezijisiniň 35 prosent çemesi bolan ýurdunda ykdysady progresiň ýoklugyndan lapekeç bolandyklaryny aýdýarlar.

Korrupsiýa we jenaýat derňewi

Taçi saýlawçylar tarapyndan basyş astynda, olar korrupsiýa we uruş jenaýatlary derňewi sebäpli gahar edýärler, sebäbi ol derňew Kosowanyň Azat ediş goşunynyň ozalky agzalaryna hem wehim salýar.

8-nji iýundaky saýlawlar parlamentiň düzümini kesgitlemeli we soň bu parlament Kosowanyň indiki premýer-ministrini hem-de prezidentini saýlamaly.

Kosowada bir topar syýasy partiýa bolansoň, synçylaryň pikirlerine görä, bir partiýanyň, koalisiýa gurmazdan, hökümet bolmak üçin ýeterlik ses almagy mümkin görünmeýär.

8-nji iýundaky saýlawlara gatnaşýan beýleki esasy partiýalaryň arasynda Kosowanyň Demiokratik ligasy (Isa Mustafanyň ýolbaşçylygynda), Kosowanyň Gelejegi üçin ýaranlyk we milletçi Özüňi kesgitlemek partiýasy bar.

Parlamentiň 120 agzasy bolup, olar üç ýyllyk möhlet bilen saýlanýar.

Uruş ýyllarynyň aýypllamasy

Eger Taçiniň syýasy ýaranlary onuň üçünji möhlete premýer-ministr bolmagy üçin ýeterlik ses alsalar, Taçi bada-bat Ýewropa Bileleşiginiň ýörite derňew toparynyň Kosowanyň partizan goşunynyň Kosowada 1998-1999-njy ýyllarda bolan uruş mahalynda tussag serbleriň organlaryny toplap, olary gara bazarda satandygy barada gelen netijelerini diňlemek boýunça Günbatar basyşyna sezewar bolar öýdülýär.

Bu derňew topary öz typyndylaryny we gelen netijelerini birnäçe hepde içinde çap etmekçi.

Ol 2011-nji ýyldan soň, Ýewropa Geňeşiniň hasabatçysy Dik Marti (Dick Marty) Taçä we ozalky partizanlaryň ýene birnäçesine, şol sanda Taçiniň Demokratik partiýasynyň ýokary derejeli agzalaryna we parlament üçin dalaşgärlerine şübhe bildirenden soň döredildi.

Taçi bu aýdylýanlary bolgusyz bir zat hökmünde ret etdi.

Kosowada şaýatlaryň gorkuzylmagy we kanunçylyk sistemasynyň korrupsiýa çümenligi üçin suduň adalatly bolmajagyny aýdyp, Günbatar bu işi seljerjek sud diňlenişiginiň Kosowadan daşarda guralmagyny talap edýär.

Emma muny etmek üçin Kosowanyň Konstitusiýasyny we beýleki kanunlaryny üýtgetmek gerek bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG