Sepleriň elýeterliligi

Müsür serkerdesi prezident boldy


Müsüriň ozalky goşun serkerdesi Abdel Fattah el-Sisi ýurduň täze prezidenti hökmünde kasam kabul edip, hakykatda bir ýyla golaý eýelän döwlet ýolbaşçylygyny tassyk etdi.

El-Sisi Konstitusiýa sudunda guralan dabarada kasam kabul etdi we dabara döwlet telewideniýesi arkaly ile ýetirildi.

Soň bu dabara Kairiň Ittihadiýa prezident köşgünde, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Sisi 26-28-njy maýda geçirilen saýlawlarda 97 prosente golaý ses alyp, ýalňyz bäsdeşini, çepçi lider Hamdin Sabbahi ýeňip, ýeňiji boldy.

Ol bir ýyla golaý ozal, Morsiniň dolandyryşyna garşy aýlap dowam eden halk protestlerinden soň, prezident Muhammad Morsini işden çetleşdirdi.

Morsiniň Musulman doganlygy partiýasy bolsa, maýdaky saýlawlardan öň köpçülikleýin basylyp ýatyryldy we ses berişligi boýkot etdi.
XS
SM
MD
LG