Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pop parahatçylyk dogasyny edýär


Pop Fransis 8-nji iýunda Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres we palestin lideri Mahmud Abbas bilen bilelikde parahatçylyk dogasyny okamak duşuşygyna ýolbaşçylyk edýär.

Bu simwoliki tagalla iki tarapyň arasyndaky dartgynlyklaryň güýçlenen mahalynda, gepleşiklere ýardam bermek üçin edilýär.

Palestinalylar golaýda yslamçy topar Hamazyň goldamagynda hökümet döretdiler. Ysraýyl basylyp alnan palestin ýerlerinde gurýan obalaryny, täze 3200 jaý gurmak bilen, has-da giňeltmegi planlaşdyrýar.

Pop Fransis Watikandan araçylyga garaşmak «dälilik» bolar diýýär.

Emma popuň Twitter hasabynda 7-nji iýunda peýda bolan ýazgyda: «Doga-dileg iň güýçli zat, geliň biz Ýakyn Gündogara we bütin dünýä parahatçylyk getirmekde dogany ulanalyň» diýilýär.
XS
SM
MD
LG