Sepleriň elýeterliligi

Brýusselde gaz gepleşikleri geçiriler


Ukrainanyň, Orstiň we ÝB-niň resmileri 9-njy iýunda Brýusselde duşuşyp, Kiýewiň Moskwa tebigy gaz bergisi baradaky meseläni çözmäge çalşar.

Orsýetiň Energiýa ministrliginiň resmisi üç tarapyň Ukrainanyň Orsýetden import etjek gazynyň bahasy barada hem gepleşjegini aýtdy.

Orsýetiň gaz läheňi Gazprom, fewralda prezident Wiktor Ýanukowiç, Moskwanyň ýarany iş başyndan gyrakladylandan soň, Ukraina berilýän tebigy gazyň bahasyny iki essä golaý gymmatlatdy.

Ukraina her müň kub metr rus gazy üçin $268 tölejegini aýdýar, emma Moskwa gazyň her müň kub metriniň $485-çenli gymmatladylandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG