Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaýziýanyň premýeri Aşgabada gelýär


Malaýziýanyň premýer-ministri Najib Tun Razak 9-11-nji iýun aralygynda Türkmenistanda resmi saparda bolar.

Türkmen metbugatynyň maglumatyny görä, bu saparda iki ýurduň arasynda bir topar ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar.

Türkmen telewideniýesi bu iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdýar.

Şeýle-de bu ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda, bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär diýip, habarda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG