Sepleriň elýeterliligi

Baglanda 200 adam tapylmaýar


Demirgazyk Owganystanyň dört obasynyň adamlary ýiten garyndaşlaryny tapmak üçin jan çekýärler.

Iki gün ozal gelen sil iki müň jaýy ýumurdy, onlarça adamy öldürdi, müňlerçe adamy bolsa öýünden gaçyp çykmaga mejbur etdi.

Owgan resmileri 7-nji iýunda özleriniň Baglan welaýatynyň Guzargahe-Nur obasynda 79 adamyň jesedini tapandyklaryny aýtdylar.

6-njy iýunda gelen silden bäri 200-den gowrak adam tapylmaýar. Olar sil gelende ýykylan jaýlaryň harabalarynyň aşagynda galandyr öýdülýär.
XS
SM
MD
LG