Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt partiýasyna hüjüm edildi


Yragyň Kürt syýasy partiýasynyň ofisinde bolan täze partlama azyndan 18 adamy öldürip, 55 çemesi adamy ýaralady.

Polisiýa bu partlamanyň Bagdatdan 125 km uzaklykdaky Jalulada, Kürdistan Watançylar partiýasynyň ofisinde, janyndan geçen bombaçynyň biline guşanan bombasyny ýarmagy netijesinde amala aşyrylandygyny aýtdy.

Birinji partlamadan soň, ýaraly bolanlara kömek etmek we hadysany derňemek üçin howpsuzlyk güýçleri gelip ýetişende, partiýa edarasynyň ýanynda goýlan ulag bombasy hem partladyldy.

Bu hüjümde birnäçe maşyn we ýakyndaky jaýlar hem zaýalandy.

Yrakdaky zorluklar netijesinde geçen aý 800-e golaý adam öldi, olaryň köpüsi mezhep zorlugynyň pidasy boldy.
XS
SM
MD
LG