Sepleriň elýeterliligi

Kosowalylar ses berýär


Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçi Kosowadaky parlament saýlawlary ýurtda demokratiýanyň ösýändigini görkezýär diýýär.

Kosowalylar 8-nji iýunda geçirilýän irki parlament saýlawlarynda maýda dargadylan kanun çykaryjy guramanyň täze agzalaryny saýlamaly.

Taçi üçünji möhlete premýer-ministr bolmaga ymtylýar. Kosowanyň Azat ediş goşunynyň öňki syýasy serkerdesi bolan Taçi Kosowanyň Demokratk partiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Synçylar, ýurtda ykdysady ösüş bolmansoň, adamlaryň lapykeçdigini aýdýarlar. Kosowada işsizligiň resmi görkezijisiniň 35 prosent çemesidigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG