Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ümsümligiň bozulmagy


Garkynlylar Azatlyga arzlaryny aýdýarlar. Maý, 2014.

Garkynlylar Azatlyga arzlaryny aýdýarlar. Maý, 2014.

Dünýäniň iň bir ýapyk jemgyýetiniň adamlary geplemäge başlaýarlar, olar öz sesleriniň eşidilmegi üçin Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Türkmen gullugyna ýüz tutýarlar.

“Gel, meniň öýümiň hemme ýerini wideoýazgy et. Goý, ýurdumyzyň ýolbaşçylary ýönekeý adamlaryň nähili şertlerde ýaşaýandygyny görsünler» diýip, 35 ýaşyndaky öý hojalykçy Gülnara Najimowa Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Türkmen gullugynyň, Azatlygyň habarçysyna aýdýar.

Geçen aý bolan bir hadysada ýerli ýaşaýjylaryň bir topary Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň öýüne üýşüp geldiler. Olar Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň ýerli häkimiýetleriniň öz obalarynyň ortarasyndan uly ýol çekmegi planlaşdyrýandyklary baradaky habary getirdiler. Azatlyk bu waka barada habar bereninden soň, ýerli resmiler obalylaryň üstüne baryp, gurluşygyň olaryň jaýlaryna täsirini ýetirmejegine ynandyrdylar.

Ygtyýar berilmedik habar serişdesine şunuň ýaly ýüzlenme Fridom Haus, Azatlyk öýi guramasynyň ýyllyk «Ýamanyň ýamany» sanawynda adam hukuklaryny bozujylaryň arasynda hemişelik orun alan, dünýäde geçirilýän her bir uly gözegçilikde diýen ýaly esasy azatlyklar boýunça iň aşakda ýerleşdirilýän ýurtda bir ýyl mundan ozal, ýa-da bäş ýyl, 20 ýyl öň, görlen zat däldi. Häkimiýetleriň bu ýagdaýa tassyklaýjy jogap bermek bilen, arz edenleri jezalandyrmazlyklary bolsa, özgerişligiň ýene bir goşmaça delili bolup durýar.

Türkmenistanyň metbugaty tutuşlygyna döwlet kontrollugynda. Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň bu ýurtda ne býurosy, ne-de akkreditasiýa edilen žurnalistleri bar.

Azatlygyň habarçylary ol ýerde yzygider hökümet gözegçiliginde saklanýandyklary, öz aragatnaşyk edýän adamlary we berýän habarlary boýunça soraga çagyrylmaklarynyň ähtimallygy baradaky pikir-çaklamalar bilen işleýärler.

Azatlyk radiosynyň websaýty azathabar.com bu ýurtda hemişe petiklengi we oňa girýänler proksi hyzmatlaryny ulanmaly bolýarlar. Režimiň informasiýa gabawyna garşy çykýan žurnalistler we bloggerler tussag edildi, ýerli häkimiýetleri tankytlan ýaşaýjylar zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirildi, onsoň bu jemgyýetçilik durmuşynda howatyr we gorkuzma elementleri adaty bir zada aýlandy.

Emma Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahiriň aýtmagyna görä, adamlar öz arzuwlaryny we aladalaryny Azatlyk Radiosyna aýtmaga başladylar.

"Men Azatlyk radiosynda 11 ýyl bäri işleýärin we, Türkmenistandakylaryň gorkýandygy üçin, ol ýerdäki islendik adamdan pikir almagyň nähili kyn bolandygy ýadymda. Adamlaryň bize ýüz tutup başlamagy uly özgerişlik" diýip, ol aýdýar.

Seret: Türkmenler Azatlyga derdini aýdýar

Hakykatdanam, statistika Azatlyk radiosynyň öz auditoriýasy üçin habar alyşmak we jemgyýetçiligiň alada-gaýgylaryny habar bermek üçin duşuşyk meýdanyna öwrülişi baradaky hakykaty tassyk edýär.

Türkmenistanda elýeterli däldigine garamazdan, Azatlygyň Feýsbuk sahypasynyň muşdaklary indi 20 müňe golaýlap, ony türkmen dilindäki iň uly Feýsbuk sahypasyna öwürýär. Iki ýyl mundan ozal onuň muşdaklary 217-di. Bu san soňky aýlarda, emläk hukuklary we ýurduň Owganystan bilen serhedindäki gözegçilik hakynda (ceret) çap edilen habarlar esasynda birden ýokary galdy. Azatlyk Radiosynyň çap eden käbir wideolaryna bolsa, 40 müňden gowrak gezek tomaşa edildi.

Azatlygyň YouTube kanaly hem ýurtda, proksi hyzmatlaryny ulanmasaň, elýeterli däl. Ýöne bu kanala hem, 2013-nji ýylyň awgustandan bäri, 312 müň gezek tomaşa edildi.

Tahir bu özgerişligiň azyndan bir böleginiň Azatlygyň maglumat beriş strategiýasyny abstrakt syýasy çekişmelerden görnetin duýarlykly meselelere, şol sanda ýollara, emläk jedellerine, elektrik gahatçylygyna, parahorluga, ýagny adamlaryň gündelik durmuşyna täsir ýetirýän zatlara gönükdirmegi bilen baglydygyna ynanýar.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky araçäk ýerleri baradaky habarlar we maglumatlar tapgyry munuň anyk mysaly. Azatlyk Radiosy golaýda Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň Garkyn etrabyna, etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerine öz habarçysyny iberdi. Onuň wezipesi NATO goşunlarynyň 2014-nji ýylyň aýagynda bu sebitden çykmaga taýýarlanýan wagtynda bu ýerde bar bolmagy mümkin «Talyban» janlanmasyny derňemekden ybaratdy. Niýetlenen maglumatdan başga, habarçy başga bir ýerli wakanyň hem üstünden bardy: soňky birnäçe onýyllykda Amyderýa öz akymyny birnäçe km üýtgedip, Türkmenistanyň günorta serhedini Owganystana tarap has ileri süýşüripdir. Netijede, derýanyň akymynyň üýtgetmegi bilen, ozal owgan türkmenleriniň mal bakan, ekin eken ýerleriniň bir bölegini derýa iýse, ýene bir bölegi iki gapdalyndan suw akýan ada öwrülipdir.
Owganystan, Amyderýanyň döreden adasy, ozalky owgan topragy, indi Türkmenistan tarapynda

Owganystan, Amyderýanyň döreden adasy, ozalky owgan topragy, indi Türkmenistan tarapynda


Garkynly Gulam Rasul Amyderýanyň bu töwerekdäki durmuşa salýan howpuny düşündirip, Azatlyga şeýle diýdi:

“Geçen ýyl men derýanyň kenarynda işledim. Meniň şindiki duran ýerime häzir Handepe gonamçylygy diýilýär, bu biziň ölülerimzi jaýlaýan ýerimiz –diýip, ol gürrüň berdi. – Geçen ýyl şu ýerde işleýärkäm men bir gün, irden işe gelemde, derýadan aşaklygyna akyp barýan jesetleri gördüm. Biz olary tutup alyp, gaýtadan jaýladyk. Emma derýa bir ýerde duranok we biziň gumly haltalary örüp, ony saklajak bolmagymyz hem kän netije bermeýär. Onsoň biz owgan we türkmen hökümetlerinden bu meselä çözgüt tapmaga kömek bermeklerini soraýarys.”

Azatlyk Radiosy bu waka, şol sanda Türkmenistanyň pozisiýasynyň, serhet goragçylarynyň ozalky owgan öri meýdanlarynda, häzir ada öwrülen ýerde mal bakýan ýerli ilaty, owgan türkmenlerini tutup, urup-enjip horlaýşy hakynda hem maglumat berdi.

25-nji martda, bu gepleşikler efire berlenden soň kän wagt geçmänkä, demirgazyk Owganystanda ýaşaýan ýaşulularyň birnäçesi, şol sanda Garkyn etrabynyň ýaşululary Kabula, Türkmenistanyň paýtagta sapara gelen daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşmaga çagyryldy. Meredow olara Amyderýanyň kenarynda bent gurmaga kömek etmek wadasyny berdi.

Mundanam başga, Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň gubernatory Baýmyrat Goýunly Azatlyk radiosyna telefon edip, türkmen resmileri bilen gürleşendigini, Türkmenistandan günorta süýşýän derýanyň garşysyna görülmeli çäreleri öwrenmek we bent gurmaga başlamak üçin bir toparyň iberiljegini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Jowuzjandaky habarçysy bolsa, türkmen serhetçileriniň owgan türkmenlerine öz mallaryny dawaly adalarda bakmaga rugsat berendiklerini, indi olary tutup, azar bermeklerini hem bes edendiklerini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň berýän tapylgysyz maglumatlaryna milli we halkara hem habar serişdelerinde, şol sanda birinji gezek hökümete tarapdar gundogar-news.com saýtynda hem salgylanyldy.

--Matthew Theisen, Azatlyk we Azat Ýewropa Radiosy

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG