Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” hüjümi öz üstüne aldy


Pakistanyň “Talyban” hereketi ýurduň iň gyzgalaňly aeroportyna amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şol wakada azyndan 28 adam heläk bolupdy.

Awtomat sapançalar, granatlar we granatamýotlar bilen ýaraglanan söweşijiler 8-nji iýunda Karaçiniň halkara aeroportuna hüjüm etdiler.

Hüjümçileriň käbirleri howpsuzlyk ofiserleriniň we janyndan geçen bombaçynyň egin-eşigindediler.

Başlangyçda resmiler aeroportuň howpsuzlandyrylandygy barada mälim edenden birnäçe sagat soň, 9-njy iýunda ýowuzlyklaryň täzeden başlandygy habar berilýär.

Ýurduň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, wakada söweşijileriň 10 sanysy hem öldürilipdir.

Şeýle-de, maglumatda howpsuzlyk sakçylaryndan sekiz adamyň we Pakistanyň halkara howaýollary kompaniýasyndan dört işgäriň öldürilendigi aýdylýar.

Bu wakada başga-da 26 adam ýaralandy.

Pakistanyň “Talyban” hereketi - “Tehrik-e Talyban Pakistan” topary Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren maglumatynda amala aşyrylan bu hüjümiň geçen ýyl Birleşen Ştatlaryň howa zarbasynda öldürilen “Talyban” lideri Hakimullah Masudyň aryny almak maksady bilen edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG