Sepleriň elýeterliligi

​Gyrgyz jenaýatçy toparynyň başlygy türmeden boşadyldy


Gyrgyzystanyň jenaýatçy toparynyň tanymal ýolbaşçysy türmeden boşadyldy.
Gyrgyzystanyň jeza beriş koloniýalaryna gözegçilik edýän döwlet gullugynyň resmisi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Kamçybek Kolbaýewiň 8-nji iýunda azatlyga goýberilendigini mälim etdi.

Geçen aý Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti Kolbaýewiň jenaýatçylyk ulgamynyň maliýa mehanizmlerini ýok etmäge kömek etjek maglumaty mälim edene 1 million amerikan dollary möçberinde baýrak bermegi teklip edipdi.

2011-nji ýylda Birleşen Ştatlar Kolbaýewiň adyny global neşe gaçakçylygynda şübhelenilýän esasy adamlaryň sanawyna goşupdy.

39 ýaşyndaky Kolbaýew dekabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerinden Gyrgyzystana ekstradasiýa edilipdi. Kolbaýew Birleşen Arap Emirliklerinde 51 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma soňra onuň tussaglyk möhleti hiç hili düşündirişsiz üç ýyla düşürilipdi.
XS
SM
MD
LG