Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Dünýäniň iň garry erkegi öldi


Dünýäniň iň garry erkek adamy diýip yglan edilen Polşada doglan Aleksandr Imiç 111 ýaşynda Nýu-Ýork şäherinde ýogaldy.

1952-nji ýylda Sowet Soýuzyndan gaçyp, Birleşen Ştatlaryna baran Imiç 8-nji iýunda öýünde aradan çykdy.

1903-nji ýylda Çenstohowada doglan Imiç 1918-nji ýylda Polşanyň harby güýçlerine goşulyp, Bolşewiklere garşy göreşýär. Çenstohowa şol wagtlar Russiýanyň bir bölegidi.

Imiçden bir gün soň doglan 11 ýaşyndaky ýaponiýaly Sakari Momoi häzirki wagt dünýäniň iň garry erkek adamydyr.
XS
SM
MD
LG