Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Çaknyşyklar “şu hepde” tamamlanmaly


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň gündogaryndaky ýiti çaknyşyklaryň “şu hepde” tamamlanmalydygyny aýtdy.

8-nji iýunda ýaýradan beýanatynda Poroşenko: “Meniň üçin her gün adamlaryň ölmegi, her gün Ukrainanyň şeýle ýokary baha tölemegi kabul ederliksiz” diýdi.

Şeýle-de, ol “her bir ukrain raýatynyň howpsuzlygyny goramak we Ukrainanyň serhet liniýalaryna kepil geçilmeginiň derwaýysdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Poroşenkonyň bu çykyşy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleriniň we Russiýanyň Ukrainadaky ilçisiniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakdan soň bolup geçdi.
XS
SM
MD
LG