Sepleriň elýeterliligi

Şaban: Türk dünýäsine ýakynlaşmak syýasy hereket


Azerbaýjanyň Nebit boýunça barlaglar merkeziniň müdiri Ilham Şaban

Azerbaýjanyň Nebit boýunça barlaglar merkeziniň müdiri Ilham Şaban

Türkmenistanyň prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň IV sammitinde eden çykyşynda maslahatyň türki dilli döwletleriň özara bähbitli partnýorlygyna täze itergi berjegine ynam bildirdi. G.Berdimuhamedow, hususan-da, energiýa howpsuzlygy we türkmen gazyny halkara bazarlaryna, şol sanda Ýewropa çykarmak boýunça proýektler meselesinde aýratyn durup geçdi. Energiýa meselesi Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýäniň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň arasynda 6-njy iýunda geçirilen üç taraplaýyn duşuşygynda hem maslahat edildi. Regional gurama ýurtlaryň energiýa taýdan hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin näme hödürläp biler?

Azatlyk Radiosy bu sowal bilen regional analitik, Azerbaýjanyň Nebit boýunça barlaglar merkeziniň müdiri Ilham Şabana ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Ilhan Şaban, siziň pikiriňizçe, Türki dilli döwletleriň bileleşigi ýaly regional gurama Türkmenistanyň halkara energiýa hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmagyna ýardam etmäge ukyplymy?

Ilham Şaban: Men bu guramadan belli bir netijä garaşyp bolar diýip pikir edemok. Sebäbi bar zat ikitaraplaýyn derejede çözülýär. Eger biz regional döwletleriň döwlet dolandyrylyşyna garasak, ähli kararlaryň döwlet baştutanlary tarapyndan öňe sürülýändigini we şolar tarapyndan kabul edilýändigini görmek mümkin. Hususan-da, Azerbaýjanyň prezidenti Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde maslahat ediljegini, şeýle-de ministrlikleriň we hojalyk subýektleriniň arasynda duşuşyklaryň dowam etdiriljekdigini mälim edipdi.

Azatlyk Radiosy: Hazarýaka regionyndan Ýewropa gaz akdyrmak boýunça proýektler barada aýdylanda, Siz, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda nähili-de bolsa aktiwlik görýärsiňizmi?

Ilham Şaban: Türkiýäniň prezidenti Türkmenistanyň ýa-da Azerbaýjanyň prezidenti bilen duşuşanda ýa-da regional liderler Ýewropanyň resmileri bilen duşuşyk geçirenlerinde, ilkinji nobatda gazgeçirijiler boýunça proýektlere gyzyklanma bildirilýär. Emma ykdysady nukdaýnazardan seredilende, gazgeçiriji proýektlere garanda bu ýurtlar üçin has bähbitli beýleki mümkinçilikler ünsden düşürilýär.

Meniň pikirimçe, meselem, ýurtlaryň arasynda wiza režimi ýatyrylyp, bu ýurtlaryň raýatlarynyň erkin gatnawyna we özara ownuk söwda ýol açylanlygynda, bu gürrüňi edilýän ýurtlara uly girdeji getirerdi. Meselem, Hazar deňziniň üstünden parom gatnawy arkaly ýylda diňe 10 müň adam geçende-de, ýurtlara iňňän uly girdeji getirip bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzinde 1990-njy ýyllardan bäri saklanyp galýan dawanyň çözgüdi boýunça ýakynlyk barmy?

Ilham Şaban: Ýok, men soňky döwürde, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky dawaly ýataklar meselesiniň ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyna uly täsir ýetirmeýär diýip pikir edýärin. Dartgynly döwürler geçmişde galdy. Türkmenistanda Petronas, Dragon Oil we beýleki kompaniýalar nebit çykaryp, Azerbaýjnyň üstünden eksport edýärler. Ýurduň deňizdäki ýataklarynyň baýlygy 30-40 ýyllyk önümçilik üçin mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtda-da men Türkmenistanyň regional derejede aktiwliginiň göze ilýändigini aýdyp biljek. Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň ortalarynda özüni syýasy taýdan bitarap diýip yglan edipdi. Emma ýakynda Türkmenistanyň Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň Bakuwda geçiren duşuşygy Türkmenistanyň bitaraplyk statusynyň çäginden çykýan bir hereket boldy. Men muňa, öňki sowet ýurtlarynyň bir bölegi ÝB-gi, beýlekileri Moskwa bilen ylalaşyga gol çekmäge taýýarlyk bildirýärkä, bu regional ýagdaýa özboluşly jogap hökmünde garaýaryn.

Meniň pikirimçe, Türkmenistan hem, bu bölünişikde bir çetde galmaly däldigine duşünip, türki döwletleriň bloguna goşulmak kararyna gelen bolmaly. Men Türkmenistanyň türki dilli döwletler bilen hyzmatdaşlyga bildirýän soňky gyzyklanmasyny hut şu mesele bilen baglanyşdyrýaryn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG