Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda YouTube petikli


Wideo paýlaşýan meşhur YouTube websaýty Täjigistanda bölekleýin petikli.

Täjigistanyň Internet hyzmatlaryny üpjün edijiler bileleşiginiň müdiri Asomuddin Atoew YouTube saýtynyň 9-njy iýunda ençeme internet üpjün edijiler tarapyndan petiklenendigini AÝ/AR-na aýtdy.

Atoew aragatnaşyk gullugynyň käbir internet üpjün edijilerinden muny Täjigistanyň hökümetiniň talap edendigini aýtdy. Emma AÝ/AR bilen söhbetdeş bolan aragatnaşyk gullugynyň ýolbaşçysy Beg Zuhurow öz edarasynyň bu ýagdaýa hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Geçen birnäçe ýylda täjik resmileri ençeme onlaýn täzelikleri we sosial media ulgamlaryny, şol sanda AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň websaýtyny we Facebookdaky sahypasyny petiklediler, emma soň açdylar.

Şol bir wagtda-da Zuhurow YouTube saýtynyň petiklenmegini “tehniki kemçilikler” bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG