Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karaçiniň aeroporty hüjüm astynda


Pakistanyň iň köp gatnawly Karaçi aeroportunyň golaýynda agyr ok atyşyk alnyp barylýar. Mundan bir gün öň bu ýere “Talyban” tarapyndan hüjüm edildi.

10-njy iýunda irden ýaragly adamlaryň näbelli sanly topary howa meýdanyndaky howpsuzlyk boýunça türgenleşik merkezine hüjüm edip, ähli uçuşlaryň saklanmagyna sebäp boldy. Ilkinji maglumatlara görä, howpsuzlyk gullugynyň bäş wekili wepat bolupdyr.

Pakistanyň ýaragly güýçleri ýagdaýy düzetmek üçin goşun iberendigini mälim etdiler.

8-nji iýunda Karaçiniň aeroportunyň ýük terminalyna edilen hüjüm zerarly azyndan 35 adam wepat boldy, şol sanda 10 sany hüjümçi öldürildi. Pakistanyň “Talyban” hereketi bu hüjümiň geçen ýylda öz lideriniň ABŞ-nyň howadan uran zarbasy arkaly öldürilmegine jogap bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG