Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistan: Zäherlenmegiň sebäpleri anyklanýar


Orsýetiň Demirgazyk Kawkazdaky Çeçenistan Respublikasynda geçen hepdede zäherlenmegiň alamatlary bilen keselhana düşen 229 adamyň ählisi keselhanadan goýberildi.

Geçen hepdede wakanyň derňewini geçiren döwlet komissiýasy respublikanyň gündogaryndaky Nožaý-Ýurt regionynda keselçilige çeşme suwunyň sebäp bolandygy baradaky çaklamalary aradan aýyrdy.

Häzir Işhoý-Ýurt obasynyň ýaşaýjylary adamlaryň zäherlenmegine oba hojalygynda aşa ulanylýan himiki dökünleriň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Çeçenistanyň premýer-ministri Abubakar Edelgeriewiň ýolbaşçylygyndaky komissiýa wakany derňemegi dowam etdirýär. Çeçen resmileri ýaşaýjylara krantdan akýan suwy içmezligi maslahat berýärler.
XS
SM
MD
LG