Sepleriň elýeterliligi

London: Seksual zorluga garşy maslahat başlandy


10-njy iýunda Londonda Konfliktlerde seksual zorlugyň soňuna çykmak boýunça global sammit başlandy. Bu dört günlük çäräniň şu tema bagyşlanan iň uly maslahatdygy aýdylýar.

Dünýäniň 100-e golaý ýurdundan ýolbaşçy resmiler, şeýle-de kanun, harby we adalat pudaklarynyň wekilleri, hökümete degişli bolmadyk toparlar, graždan jemgyýetçiligi ugrunda işleýän guramalar we dini öwrenýän alymlar çärä gatnaşýarlar.

Seksual zorlugyň soňuna çykmak inisiatiwasy 2012-nji ýylda Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary William Heýg (William Hague) we ABŞ-nyň bosgunlar boýunça ýörite wekili kino ýyldyzy Anjelina Joli (Angelina Jolie) tarapyndan öňe sürülipdi. Olaryň ikisi-de Londondaky sammite gatnaşýarlar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) hem duşuşyga gatnaşýar. Kerri duşuşygyň öňüsyrasynda Londonyň "Evening Standard" neşrinde çap eden makalasynda sammitiň “seksual zorlugyň taryhyň geçmişinde galmagy” ugrunda işlejegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG