Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kiýew ynsanperwer koridoryny döredýär


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko raýatlara Orsýete tarapdar separatistler bilen söweşleriň gidýän ýerinden çykmaga mümkinçilik berýän ynsanperwer koridorlaryny döretmegi tabşyrdy.

Poroşenko bu planyň “terrora garşy operasiýalaryň giňişliginde täze pidalaryň öňüni almak” maksadyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Poroşenko öýlerini terk edýän raýatlaryň garaşylýan sanyna görä olary ulag, azyk we medisina serişdeleri bilen üpjün etmegi hökümete tabşyrdy.

Poroşenko bu kararyny baş kömekçileri, şol sanda içeri we goranmak ministrleri bilen duşuşygynyň yzýany yglan etdi. 9-njy iýunda Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Poroşenkonyň gündogarda zorlugyň soňuna çykmak boýunça teklip eden planynyň esasy bölekleri boýunça Moskwanyň we Kiýewiň “özara düşünişendigini” habar berdi.

“Biz şu hepde söweşiň soňuna çykmaly”, diýip Petro Poroşenko 8-nji iýunda aýtdy.
XS
SM
MD
LG