Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Kaliningradda harby türgenleşik geçirýär


10-njy iýunda Orsýet Ýewropadaky öz territoriýasy Kaliningradda harby türgenleşiklere başlady. Mundan bir gün öň NATO Orsýetiň serhediniň golaýynda öz harby türgenleşiklerine başlapdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi öz harby maşklaryna Baltiýa deňzindäki harby flotuň, Orsýetiň howa güýçleriniň we desant goşunlarynyň gatnaşýandygyny aýtdy. Orsýetiň günbatar regiony bolan Kaliningrad NATO agza döwletler Litwanyň we Polşanyň arasynda ýerleşýär.

Şol bir wagtda-da NATO öňki sowet ýurtlary Latwiýada, Litwada we Estoniýada özüniň iň uly harby türgenleşikleriniň birini geçirýär. Harby maşklar mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň anneksiýa edilmeginden soň NATO-nyň we Orsýetiň arasynda dörän dartgynly döwürde geçirilýär.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen 10-njy iýunda Brusselde şeýle diýdi: “Biz Ýewropada goranmak üçin goýumlary artdyrmaly we NATO-da öz howpsuzlyk hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmeli”.

NATO-nyň 9-njy iýunda Latwiýada başlanan maşklaryna 10 ýurduň 4700 harbysy we 800 harby ulagy gatnaşdyrylýar.

Orsýet NATO-nyň harby türgenleşiklerine garşy çykyş etdi we ony “agressiýa hereketi” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG