Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Anwari: "Sýyasy haklar berilmeýär, alynýar"


Dr. Jamahyr Anwari owganystanly etniki türkmenleriň arasynda iň ýokary hökümet wezipesini eýelän etniki türkmenleriň biridir. Ol soňky bäş ýyldan bäri Owganystanyň Bosgunlar boýunça ministri bolup işleýär.

14-nji iýunda Owganystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlardan soň, onuň häzirki wezipesinden çekilmegine garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdan Guly Myrady, hormatly Anwari bilen duşuşyp, onuň bäş ýyllyk hökümet tejribesi bilen gyzyklandy.

Ol şol söhbetdeşlikde Owgan türkmenleriniň ýurtdaky sýyasy roly hakda hem durup geçip, sýyasy haklaryň berilmeýändigini, emma onuň adamlar tarapyndan alynmalydygyny we bu ugurda türkmenleriň etmeli işleriniň heniz kändigini aýtdy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:54 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG