Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Yslamçy söweşijiler Mosuly eýelediler


Nineweh regionynyň ýaşaýjylary uruşdan gaçýarlar, 10-njy iýun, 2014.

Nineweh regionynyň ýaşaýjylary uruşdan gaçýarlar, 10-njy iýun, 2014.

Yragyň premýer-ministri Nuri al Maliki "Al-Kaýda" bilen bagly söweşijileriň ýurduň ululygy boýunça iň iri şäherleriniň biri Mosuly basyp almagynyň yzýany adatdan daşary ýagdaýy yglan etmäge çagyrdy.

Yragyň demirgazyk Nineweh regionynyň häkimi Athil al-Nujaifi gozgalaňçylaryň regionyň paýtagtynyň baş hökümet edaralaryny eýeländigini habar berdi.

Mosuldaky ýagdaý

Nujaifi Yragyň harby we polisiýa güýçleriniň öz pozisiýalaryny terk edendigini aýtdy.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, reaktiw granatalar, snaýper, ýagny mergen tüpeňleri we awtomalar bilen ýaraglanan onlarça adam 9-njy iýunda Mosuldaky hökümet edaralaryna hüjüm edipdir. Şeýle-de olar polisiýa bölümlerini basyp alyp, türmelerden tussaglary boşadypdyrlar.

Jyhadçy topara degişli gara baýdaklaryň binalaryň üstünde dikilendigi we gozgalaňçylaryň özleriniň şäheri “azat etmek” üçin gelendigini aýdandyklary barada ýaşaýjylara salgylanyp berilýän maglumatlar gelip gowuşýar.

9-njy iýunda irden häkim Nujaifi telewideniýe arkaly çagyryş edip, şäheriň ýaşaýjylaryny “Al-Kaýda” bilen bagly we ýurduň daşyndan gelen söweşijilere garşy göreşmäge çagyrypdy.

Kömek soralýar

Nujaifiniň özi hökümet edaralary basylyp alynmanka, Mosuldan gaçyp çykdy. Onuň dogany parlamentiň başlygy Osama al-Nujaifi Yragyň hökümetine we regional hökümete ýüzlenip, Mosula goşun ibermegi sorady. Şeýle-de ol ABŞ-nyň ilçisinden hem kömek sorandygyny aýtdy.

Ýarym awtonom demirgazyk Kürdistan regionynyň prezidenti Masud Barzani halkara guramalaryna ýüzlenip, ynsanperwer kömegini sorady.

AÝ/AR-nyň Azat Yrak gullugynyň habarçylary söweşleriň müňlerçe adamy öz öýlerini terk edip, regionyň beýleki böleklerine gaçmaga mejbur edendigini habar berýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de Türkiýäniň Mosuldaky konsulhanasy Mosula dizel ýangyjyny alyp barýan 28 sany türk ulag sürüjisiniň saklanandygyny tassyklady.

“Al-Kaýdanyň” öňki galasy bolan Mosul şäheri Bagdadyň demirgazyk-günbatarynda, ondan 360 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

“Yrak Yslam döwleti” we “Lewant” atly toparlaryň söweşijileri soňky wagtda Yragyň günbatar we demirgazyk böleklerine hüjüm edýärler.

Howpsuzlyk güýçleri yslamçy toparlaryň söweşijilerini Anbar welaýatyndan gysyp çykarmaga çalyşýarlar. Soweşijiler welaýatyň paýtagty Ramadi şäheriniň böleklerini we golaýda ýerleşýän Faluja şäheriniň uly bölegini ýanwar aýyndan bäri öz ellerinde saklaýarlar.
XS
SM
MD
LG