Sepleriň elýeterliligi

Gazak prezidentine çagyryş edildi


Gazagystanyň hökümete degişli bolmadyk guramalary ýurduň täze Jenaýat kodeksini we onuň bilen ilteşikli maddalary gadagan etmegi üçin çagyryş etdiler.

Gazagystanyň hökümete degişli bolmadyk iň uly 18 guramasynyň 11-nji iýunda ýayradan beýanatyna görä, ýurduň Jenaýat kodeksine giriziljek üýtgetmeler “raýatlaryň ýygnanmak hukuklaryny gös-göni bozýar we onda jemgyýetçilik guramalaryny we olaryň liderlerini nyşana alýan baplar bar”.

Aktiwistler töhmet atan adamyň üç ýyl türme tussaglygy bilen jezalandyrylmagy baradaky maddanyň ýatyrylmandygyny, şeýlede täze madda bolsa “galp maglumatlary bilkastlaýyn ýaýradanlary” 10 ýyl türme tussaglygy bilen jezalandyrmak barada goşmaçalaryň goşulandygyny nygtaýarlar.

Gürrüňi gidýän beýanata gol goýan hökümete degişli bolmadyk guramalaryň arasynda Adam hukuklary boýunça Gazagystanyň býurosy, Halkara kanun inisiatiwasy, Parlamentarizmiň ösüşi boýunça gurama we “Adyl söz” ýaly bileleşikler bar.

Gazagystanyň parlamenti 11-nji iýunda ýurduň Jenaýat kodeksini tassyklady we ol dokumente gol goýmagy üçin ony Nazarbaýewe ugratdy.
XS
SM
MD
LG