Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Duşenbe: Britan ilçihanasynyň öňünde protest geçirildi


Täjigistanyň polisiýasy Britaniýanyň Duşenbedäki ilçihanasynyň öňünde ýöriş geçiren onlarça protestçini tussag etdi.

Gürrüňi gidýän protestçiler ilçihananyň binasyny daşladylar. Şeýle-de, käbir maglumatlarda protestçileriň britan ilçihanasyndaky howpsuzlyk üçin niýetlenen wideo kameralary ýumurandygy we onuň howpsuz işgärleri bilen ýakalaşandyklary aýdylýar.

Bu üýşmeleň şäheriň ýolbaşçylary tarapyndan birugsat amala aşyrylypdyr.

Duşenbe şäher polisiýasynyň başlygy Said Jurahanowyň 11-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, näme sebäpden we näme maksat bilen üýşmeleň geçirendigi mälim bolmadyk protestçiler ýurduň Somoni etrap polisiýasyna alnyp gidilipdiler.

Gürrüňi edilýän ilçihananyň resmileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda wakanyň bolandygyny tassykladylar, ýöne olar bu barada maglumat bermekden saklandylar.
XS
SM
MD
LG