Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Özbek kinoçysy ogurlandy diýilýär


Özbegistanda yslamçy ekstremizm bilen ilteşiginiň bardygy öňe sürülip, resmiler tarapyndan gözlenýän özbek kinorežisýorynyň Moskwada alnyp gaçylandygy habar berilýär.

Düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Mermorial” atly merkeziň maglumatyna görä, Mirsobir Hamidkoriýew dermanhanadan ogly üçin derman alýan aýaly Eleonora Isaýewa öz ulagynda garaşýan mahaly ýitirim bolupdyr.

Bu waka şaýat bolan ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, iki adam Hamidkoriýewiň ulagyna zor bilen girip, ulagy sürüp gidipdir.

Russiýada gaçybatalga almak isleýän Hamidkoriýewi rus resmileri geçen ýyl Daşkentiň haýyşy bilen tussag edipdiler. Ol 2013-nji ýylyň awgust aýynda azatlyga goýberilipdi.
XS
SM
MD
LG