Sepleriň elýeterliligi

​500 müň adam Mosuly terk etdi


Halkara migrasiýa guramasy söweşijiler Yragyň Mosul şäherini ele salanyndan soň, takmynan 500 müň adamyň şäheri terk edendigini çaklaýar.

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijileri birnäçe gün dowam eden çaknyşyklardan soň, 10-njy iýunda Mosulyň we ýurduň demirgazygyndaky Nineweh welaýatynyň aglaba böleginiň kontrollygyny öz gözegçiligine geçirendigini öňe sürüpdiler.

Halkara migrasiýa guramasynyň maglumatyna görä, Mosulda bolan çaknyşyklaryň “netijesinde parahat ýaşaýjylaryň arasynda uly adam ýitgileri bolupdyr”.

Bu aralykda Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zebari Mosuldan söweşijileri çykarmak üçin Yragyň merkezi hökümetiniň demirgazykdaky Peşmerga kürtleriniň güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.

Zebari iki harby güýjüň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada jikme-jik maglumat bermedi.
“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijileri şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Yragyň Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadi we onuň golaýyndaky Falluja şäheriniň bir bölegini öz gol astynda saklaýarlar.

Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki ýurduň parlamentinden döwletde adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegi sorady.
XS
SM
MD
LG