Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Karaçi hüjümini “ÖYH” öz üstüne aldy


“Özbegistanyň yslam hereketi” şu hepde Pakistanyň Karaçi howa menziline amala aşyrylan ýowuz hüjüme öz toparynyň jogapkärdigini öňe sürdi.

11-nji iýunda ýaýradylan beýanatda “Özbegistanyň yslam hereketi” gürrüňi edilýän hüjümde 10 söweşijisiniň “şehit” bolandygyny mälim edýär.

Gürrüňi edilýän hereketiň ýaýradan beýanatynda garly daglyk region ýaly bolup görünýän ýerde surata düşürilen ýaşyl tunika köýnekli we awtomat ýaragly hem-de gara selleli 10 söweşijiniň suratlary hem bar.

Beýanatda “Bu operasiýa Pakistanyň dinden çykan armiýasy tarapyndan amala aşyrylan gijeki raketa we bombaly hüjümlere ar alyş hökmünde geçirildi” diýilýär.

Owganystanda we Pakistanda işjeň hereket edýän “Özbegistanyň yslam hereketi” Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň daşary ýurt terrorçy guramalar atly sanawynyň düzümine girizlendir.

“Pakistanyň Talyban hereketiniň” metbugat wekili Karaçi hüjümi gürrüňi edilýän iki hereketiň bilelikde amala aşyran operasiýalarydyr diýdi.
XS
SM
MD
LG