Sepleriň elýeterliligi

Şakirow: Türkmenistanyň üstünden ýakymsyz bir syýahat boldy


Orsýetli kinorežissýor we žurnalist Mumin Şakirow

Orsýetli kinorežissýor we žurnalist Mumin Şakirow

Türkmenistan halkara demirýol proýektlerine gatnaşýan ýurt. Ýaňy-ýakynda prezident Berdimuhamedow Еýran-Türkmenistan-Gazagystan halkara demirýolunyň Türkmenistana degişli böleginiň gurluşygynyň eýýäm tamamlanyp barýandygyny aýtdy. Emma şu günki gün Türkmenistanda demirýol arkaly ýurduň daşyna ýolagçy gatnawy düýbünden ýok. Şu günki gün Türkmenistanyň daşyna diňe uçar ýa-da awtoulag arkaly syýahat edip bolýar. Ozalky döwürde ýolagçylar üçin elýeterli bolan demirýol ýa-da parom gatnawy garaşsyzlyk ýyllarynda ýapyldy. Emma öňler Türkmenistanyň üstünden Orsýetden Merkezi Aziýa gatnaýan tranzit, ýagny durman geçýän otlular gatnaýardy. Duşenbe-Moskwa otlusy bilen syýahat eden orsýetli kinorežissýor we žurnalist Mumin Şakirow Türkmenistanyň üstünden otly bilen eden syýahaty barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Mumin, Türkmenistanyň üstünden otly bilen eden syýahatyňyz barada gürrüň beräýseňiz, bu syýahat haçan boldy?

Mumin Şakirow: Bu syýahat bäş ýyl mundan öň bolupdy. Biz Duşenbe-Moskwa otlusynda Täjigistandan Özbegistanyň, Türkmenistanyň soň ýene Özbegistanyň, Gazagystanyň üstünden Orsýete gidipdik. Bu syýahat dört gün dowam etdi we onuň sekiz sagady Türkmenistanyň üstünden geçdi. Otlymyz özbek-türkmen serhedini kesip geçende örän berk barlag boldy, otludaky ýolagçylaryň ählisine otlynyň Türkmenistanyň giňişliginden geçýän sekiz sagadynyň dowamynda öz oturan kupesinden çykmaga hukugynyň ýokdugy berkden-berk tabşyryldy. Naharhananyň gürrüňi ýok, hatda hajathana-da çykyp bolmaýandygy duýduryldy.

Azatlyk Radiosy: Mumin size bu duýduryşlar haçan edildi?

Mumin Şakirow: Biz Özbegistandan Türkmenistana serhetden geçen ýerimizde pasportlary barlap, serhet gozegçiliginden geçirilýän ýerde duýduryş berildi. Iş ýüzünde bu tabşyrygy berjaý etmezlige mümkinçilik ýok diýen ýalydy, sebäbi otly Türkmenistanyň giňişliginden barýan wagtynda tamburda Türkmenistanyň ýaragly serhetçisi durdy. Bir wagondan başgasyna geçmek hem mümkin däldi.

Azatlyk Radiosy: Mumin türkmen serhetçileri bilen problemanyň hem dörändigini siz özara söhbetdeşlikde gürrüň beripdiňiz. Neme boldy?

Mumin Şakirow: Men gyzykly wakany başdan geçirdim. Meniň uly bir arzuwym bardy. Men köpden bäri Türkmenistana barmagy we Hojaguly Narlyýewiň “Gelin” atly filminde görkezilen gum depelerini öz gözüm bilen görmek isläpdim. Men, çekinsem-de, kameramy çykardym. Biz şol syýahatymyzda Moskwa barýan merkezi aziýaly migrantlar barada film alýardyk. Meniň gahrymanlarym otlynyň dürli wagonlarynda barýardy. Men kameramy elime aldym-da koridora çykyp, aýnadan gören zatlarymy surata düşürip başladym. Birden kamerama gözegçilik wyşkasy düşdi. Wyşkadaky sakçy gygyrdy. Soň otly tunnele girdi. Ondan soň otly garaşylmadyk ýagdaýda stansiýada saklandy.

Stansiýada meniň oturan wagonyma güýç edaralarynyň işgärleri, polisiýa girdi we meni sorag edip başladylar. Menden näme üçin koridora çykandygymy, kamerama surat, wideo düşürendigimi sorap başladylar. Men gum depelerini surata düşürmek isländigimi, ýolda tunneliň boljagyny we Türkmenistanyň strategiýa taýdan wajyp obýektini surata düşürmek niýetimiň bolmandygyny düşündirmäge çalyşdym we ýörite düşündiriş hatyny ýazdym. Şonda maňa hatda otludan düşürilmek we tussag edilmek howpy abandy. Otlynyň brigadiri meni gorady. Üstesine, men howpsuzlyk gulluklarynyň wekillerine Türkmenistanyň giňişliginde surata düşüren zatlarymy görkezdim we öçürdim. Bu çekeleşik bir sagada golaý wagtlap dowam etdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň giňişliginde siz näme gördüňiz?

Mumin Şakirow: Biz Türkmenistanyň giňişliginden sekiz sagadyň dowamynda geçdik. Obalary gördük, umuman Aziýa mahsus görnüşleri, ýakyp-ýandyryp barýan güni, gumly-çägeli topragy, käbir ýerde agaçlary, atyzlarda işleýän daýhanlary gördük. Özbegistanyň serhedini kesip geçenimizden soň ählimiz diýen ýaly uludan dem aldyk, sebäbi Türkmenistanyň giňişliginden geçmek biz üçin ýakymsyz bir syýahat boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG