Sepleriň elýeterliligi

“7 ýyl nähak sakladylar”


Amyderýanyň akymynyň üýtgemegi netijesinde owgan topragynda, serhediň türkmen tarapynda dörän ada

Amyderýanyň akymynyň üýtgemegi netijesinde owgan topragynda, serhediň türkmen tarapynda dörän ada

Häzirki döwürde Türkmenistanyň türmelerinde ýatan owganystanly etniki türkmenleriň sany hakda takyk maglumat ýok. Emma olardan biri, Owganystanyň Garkyn etrabynyň ýaşaýjysy Haýrylla soňky bir aýyň içinde türmeden boşadylyp, maşgalasyna gowuşdy.

Haýryllanyň aýtmagyna görä, ol iki ýurduň arasynda ýerleşýän we Amyderýanyň owgan tarapyny opuryp, akymyny üýtgetmegi bilen dörän ada odun ýygmaga barýarka, derýanyň owgan tarapynda türkmen esgerleri tarapyndan tutulup alnyp gidilipdir.

Türkmen türmesinde 7 ýyl galandygyny aýdýan Haýryllanyň boşadylmagy soňky iki-üç aýlykda Azatlyk Radiosynda edil Haýryllanyň şertlerinde türkmen esgerleri tarapyndan tussag edilen adamlaryň ykbaly we olaryň yzynda galdyran maşgala agzalarynyň kynçylygy barada yzygiderli berlen maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

Haýrylla bilen Kabuldaky habarçymyş Şaýmerdanguly Myrady söhbetdeş boldy. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düýmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG