Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Günorta akym" we Ukrainadaky krizis


"Günorta akym" proýektiniň Bolgariýa degişli böleginiň düýbüniň tutulmagynyň dabarasy, Bolgariýa, 31-nji oktýabr, 2013.
"Günorta akym" proýektiniň Bolgariýa degişli böleginiň düýbüniň tutulmagynyň dabarasy, Bolgariýa, 31-nji oktýabr, 2013.
Orsýet Ýewropa akdyrýan gazynyň Ukrainanyň üstünden geçmezligi üçin Gara deňizde suwasty “Günorta akym” gazgeçirijisini gurýar. Emma şu hepdede Bolgariýanyň eden beýannamasy Orsýetiň bu gazgeçirijisiniň öňüni petikledi.

Ukrainadaky krizisiň döreden öňünden çak edilmedik netijeleriniň biri Orsýetiň Ýewropa gaz akdyrmak üçin Ukrainanyň daşyndan aýlanyp geçmeli “Günorta akym” gazgeçirijisini çekmek planlarynyň öňüne böwet boldy.

“Günorta akyma” näme boldy?

Bolgariýa proýekte gatnaşmak boýunça tender bäsdeşligini togtadýandygyny yglan edensoň, Orsýetiň “Günorta akym” gazgeçirijisiniň Ýewropada kenara çykjak nokadyna degişli işler ýatyp galdy.

Bolgariýanyň premýer-ministri Plamen Oreşarski 8-nji iýunda garaşylmadyk beýannama bilen çykyş edýänçä, Orsýetiň Ýewropa ýylda 63 milliard kubometr gaz akdyrmaga ukyply gazgeçirijisiniň proýekti hiç hili kynçylyksyz durmuşa geçirilýärdi.

Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän bahasy 45 milliard dollarlyk bu gazgeçiriji Orsýetiň Gara deňzindäki kenarynyň Beregowaýa diýilýän ýerinden başlanyp, Bolgariýanyň Burgas şäherinde tamamlanmalydy. Bu ýerde “Günorta akym” planlaşdyrylan beýleki gazgeçirijilere birigip, Balkan ýarymadasynyň üstünden regionyň döwletlerine we Italiýa hem Awstriýa gaz akdyrmalydy.

Sofiýanyň häzirki beýannamasy Moskwanyň gazgeçirijisiniň ykbalyny petige diredip, geljegini sorag astynda goýýar.

Bolgariýanyň kararyna näme sebäp boldy?

Bolgariýanyň karary 8-nji iýunda ABŞ-nyň üç senatorynyň Sofiýa eden saparynyň dowamynda yglan edildi. Şol bir wagtda-da Bolgariýa ençeme aýdan bäri Brýussel tarapyndan hem basyş edilip gelinýär.

Senatorlar Jon Makkeýniň (John McCain), Kristofer Murfynyň (Christopher Murphy) we Ron Jonsonyň (Ron Johnson) Bolgariýanyň agzalýan gazgeçirijiniň gurluşygy üçin tender bäsdeşliginde Orsýetiň “Stroýtransgaz” kärhanasyny saýlap tutmak ähtimallygy bilen baglanyşykly hem aladalanma bildirendikleri aýdylýar.

Waşington, eger Sofiýa “Stroýtransgazy” saýlap alsa, konsorsiuma gatnaşýan bolgariýaly şirketleriň-de sanksiýalara duçar boljagyny öňünden duýdurdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa Bileleşigi Bolgariýanyň proýekt boýunça hyzmatdaşlygyny togtatmagy üçin oňa basyş edipdi we bu hereketini Ýewropa Komissiýasynyň “Gazpromyň” proýekte gatnaşygynyň üstünde Moskwa bilen özara dawasyna salgylanypdy.

“Günorta akym” proýektiniň Bolgariýa degişli böleginiň 50%-i “Gazpromyň” paýyna düşýär.

Britaniýanyň energiýa meseleleri boýunça Oksford institutynda Tebigy gaz boýunça barlag programmasynyň müdiri Jonatan Stern (Jonathan Stern) Bolgariýanyň ençeme aýlap Brýusseliň “Gazprom” bilen bagly aladalanmalaryna gulak gabartmandygyny aýtdy.

“Ýewropa Bileleşigi ”Günorta akym” proýektiniň energiýa boýunça gol çekilen hökümetara ylalaşyklaryň üçünji toplumyna laýyk gelmeýändigini we üçünji bir tarapyň elýeterliligi ýaly möhüm prinsiplere ters gelýändigini aýdýar. Şeýlelikde munuň esasynda ÝB Bolgariýany Orsýetiň turbasynyň gurluşygyna gatnaşmagy bes etmäge ündeýär. Bu tagallalar ozal üstünlikli bolmandy, emma ABŞ-nyň senatorlarynyň sapary netije berene meňzeýär” diýip, Stern aýdýar.

“Günorta akymyň” Ukrainadaky krizise nähili gatnaşygy bar?

Şu günki gün Orsýet Ýewropa satýan gazynyň ýarpysyny Ukrainanyň üstünden akdyrýar. Şu nukdaýnazardan gurluşygy 2012-nji ýylda başlanyp, 2015-nji ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulan “Günorta akym” proýekti Orsýetiň öz gazyny Ukrainanyň üstünden doly akdyrmazlygyna mümkinçilik berýär.

Eger “Günorta akym” gurlup gutarsa, Ukrainanyň pozisiýasy Moskwanyň öňünde has gowşar diýip, Energiýa ösüşi fondunyň müdiri Sergeý Pikine salgylanyp, “Moskow Times” gazeti ýazýar. Pikiniň pikirine görä, “ABŞ we ÝB muny islemeýärler”.
XS
SM
MD
LG