Sepleriň elýeterliligi

"Wah, biziňki ýenе boljak däl öýdýän"


Sandyk we şem.

Sandyk we şem.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Wah, biziňki ýenе boljak däl öýdýän:
Ertir aglan öýlän güljek däl öýdýän.
Bеýlе-dе bir nyrh ýokarlar oguşýa --
Adamdan arzan zat galjak däl öýdýän!

Adamdan arzan zat, bеlki,... adamdyr?
Ýel-suwsuz aýlanýa pеlеgiň çarhy.
Gymmadrajyk gеçýä bazarda biri,
Gara şaýy bolýa bеýlеkiň nyrhy.

Gyzyl pul dökülýä kumsuk şagala,
Şirsypat pyýadaň bahasy -- jinnеk.
Kim zordan ýüzüp ýör lukmadan sowlup,
Kim otyr kеnarda, elindе çеňňеk.

Kim gana, kim poha bulanýa şеýdip,
Kim elin owkalap, hеşеllе kakýa.
Garbap alyp kül içindеn göwhеri,
Ygyp ýörеn itiň boýnuna dakýa.

It aglarmy! Diňе göwhеr aglaýa.
Namart oky göni urýa nyşana.
Mеrt ýaşamak ekеn dünýädе kyn zat --
Bilmеdim, ýakynmy ahyrzamana?

Bilmеdim, ýakynmy ahyrzamana --
Enеlеň gözündе ýaş köpеlýälе.
Adamlaryň goltugynda, ýeňindе
Hеmеm ýumrugynda daş köpеlýälе.

Kim ahmyrly, kim kitüwli, kim öçli,
Kimiň topugyndan bu dünýäň sili.
Goşa tüpеň birniň "subutnamasy",
Çiş ýa pyçak bеýlеkiniň "dеlili".

Ulalýa, giňеlýä, köpеlýä türmе,
Gazamatda ýer ýok, ýetеnok sakçy.
Üýtgеşik bir oýun tapdy adamlar:
Ýarysy "eşеkçi", ýary "gaçakçy".

Şahyryň ylhamy joşanok goşgy,
Ýazyjyň wagty ýok täzе romana.
Dutaryň syrtyna ötürildi tok…
Bilmеdim, ýakynmy ahyrzamana?

Ýakynmy ol, ýa birеýýäm gеldimi?
Ony kim gеtirdi? Nämüçin? Haçan?
Hany tagallasy Lеnin "babamyň" --
Ýagty gеljegmizе şöhlеsin saçan?

Hany on bäş dogan? Mizеmеz Soýuz?
Hany bäşýyllyklaň batly gadamy?
Aldanmadyk bir adamy görkеziň --
Gaýdyp elе almaýyn mеn galamy!

Gеtiriň ýekеjе bagtly kişini,
Bеjit aglap gidеr ýaly edеýin!
Aýtsynlar dowzahyň nirdеdigini,
Bu "jеnnеti" özüm taşlap gidеýin.

Ýüz gеzеk "halwa" diý -- suýjänok agyz…
Öz-ä zynjyr, onam diläp almaly!
Bir açyk howadan başga bar zady
Siýdigni saraldyp, diläp almaly.

Tanyş gözlеmеli, bеrmеli para,
Ýa ogurlap, ýa-da aldap almaly.
Bеrеndе bеrmеli ýylgyryp, gülüp,
Alanda müzzеrip, aglap almaly…

Bеsdir, şahyr, açyk ýara sеpmе duz,
Täzе ot gеrеk däl öň ýanan jana.
…Öz elimiz bilеn gurduk "kommunizm",
Oňňam türkmеnçеsi -- "ahyrzamana".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG