Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​FH: Repressiýa täze tapgyra ýetdi


“Freedom House” guramasynyň täze ýaýradan raportynda geçen ýylyň dowamynda Orsýet sebäpli öňki Sowet Soýuzynyň çägindäki ýurtlarda, repressiýanyň täze tapgyra ýetendigi aýdylýar.

“Geçiş döwri başdan geçirýän ýurtlar 2014” atly 12-nji iýunda ýaýradylan raportda soňky on ýyllykda bolşy ýaly gürrüňi edilýän ýurtlarda demokratiýanyň ortaça derejesiniň pese gaçandygy bellenilýär.

Şeýle-de, raportda öňki Sowet Soýuzynyň çäginde, Balkanlarda we Merkezi Ýewropada korrupsiýanyň artandygy nygtalýar.

Mundan başga-da raportda Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmadyk öňki Sowet Soýuzyna degişli 12 ýurtda demokratiýanyň derejesiniň soňky onýyllykda “ýiti pese gaçandygy” aýdylýar. Muňa garamazdan, 2013-nji ýylda Ukrainada we Gyrgyzystanda raýat jemgyýetiniň özüniň berkligini subut edendigi bellenilýär.
XS
SM
MD
LG