Sepleriň elýeterliligi

​BSG türkmen liderine medal gowşurdy


“Bütindünýä saglyk guramasy” (WHO) çilimkeşlige garşy göreşmäge goşan goşantlary üçin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy sylaglady.

“Bütindünýä saglyk guramasynyň” baş müdiri Margaret Çän (Margaret Chan) 11-nji iýunda Aşgabatda geçirilen dabarada Berdimuhamedowa ýörite medal gowşurdy.

Şeýle-de, Çän temmäkiniň ulanylyşyny togtatmak boýunça alyp barýan tagallalary üçin türkmen liderine gowy baha berdi.

Türkmenistan çilimkeşligi aradan aýyrmak üçin çäre gören öňki post-Sowet ýurtlaryň arasynda ilkinjileriň biridir.

2000-nji ýylda türkmen hökümeti jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekenler üçin agyr pul jeza çärelerini girizipdi.

“Dünýä saglyk guramasynyň” berýän maglumatyna görä, Türkmenistanda çilimiň bir gutysynyň bahasy 5 bilen 6 amerikan dollary aralygynda bolup, bu san öňki post-Sowet ýurtlarynyň arasynda iň gymmat bahadyr.
XS
SM
MD
LG