Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjüminde 14 adam öldürildi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Demirgazyk Waziristan regionynda Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbasy diýlip güman edilýän üç hüjümde söweşiji diýlip şübhelenilýän 14 adam öldürildi.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň berýän maglumatynda gürrüňi gidýän howa hüjümleriniň üçüsinde hem, söweşiji diýlip güman edilýänleri alyp barýan ulagyň nyşana alynandygy mälim edilýär. Bu howa zarbalarynyň şu ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň harbylary tarapyndan Pakistanda amala aşyrylan ilkinji hüjümlerdigi aýdylýar.

Howa hüjüminde öldürilenleriň daşary ýurtly söweşijilerdigi ýa-da ýerli “Talyban” hereketiniň agzalarydygy barada takyk maglumat ýok.

Gürrüňi edilýän harby operasiýa “Pakistanyň Talyban” hereketi 8-nji iýunda Karaçi aeroportyna amala aşyrylan hüjüme özbek söweşijileriniň gatnaşandygyny tassyklan mahaly bolup geçdi. Şol hüjümde azyndan 37 adam ýogalypdy.
XS
SM
MD
LG