Sepleriň elýeterliligi

​Ukraina: Dokuz magdançy ýitirim boldy


Ukrainanyň gündogaryndaky daş kömür käninde bolan ýerasty gaz partlamasyndan soň, dokuz magdançy ýitirim boldy.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy gürrüňi edilýän partlamanyň 12-nji iýunda Donetsk regionynyň Kirowsk şäherindäki daş kömür käninde, takmynan 300 metr ýeriň aşagynda bolup geçendigini habar berýär.

Gürrüňi gidýän gullugyň maglumatyna görä, gözleg toparlary ýitirim bolan magdançylar barada daş kömür käninde hiç bir alamata duş gelmändirler.

Bu daş kömür käni regionyň paýtagty Donetskden 90 kilometr, Slowýansk şäherinden bolsa 40 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Agzalan şäherlerde hökümet güýçleri Russiýa tarapdary separatistlere garşy söweşýärler.
XS
SM
MD
LG