Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Yrak: Ýygnak soňa goýuldy


Yragyň parlamenti sünni gozgalaňçylar hüjümlerini dowam etdirýän mahaly, ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan edip-etmezlik barada 12-nji iýunda geçirmegi planlaşdyran adatdan daşary ýygnagyny soňa goýdy.

Gürrüňi gidýän ýygnak ýeterlik sanda köpçüligiň ýetmezçilik edendigi sebäpli soňa goýuldy. Bu ýygnak jeňçilere garşy söweşmek üçin hökümetiň hukuklaryny artdyrmaga rugsat berilmegi barada ýurduň premýer-ministri Nuri al-Malikiniň haýyşyna jogap hökmünde geçirilmegi planlaşdyrylýardy.

11-nji iýunda “Yargyň Yslam döwleti we Lewant” atly topar 80 sany türk raýatyny alyp gaçandan we Mosulyň kontrollygyny ele salandan bir gün soň, Tikrit şäheriniň gözegçiligini hem öz kontrollygyna geçirdi. Bu topar indi Bagdada tarap ýöriş etjekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG