Sepleriň elýeterliligi

Garakçylar demirgazyk Owganystany bulaýarlar


Saýlaw işgärlerini ugradyp barýan polisiýa işgärleri, Balh welaýaty, Hindiguü etraby.

Saýlaw işgärlerini ugradyp barýan polisiýa işgärleri, Balh welaýaty, Hindiguü etraby.

Owganystanyň demirgazyk welaýaty ýaragly toparlardan ejir çekýär. Gürrüňi edilýän toparlaryň käbirleri ozallar “regiony täzeden dikeltmek” taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýakyndan ýardam beripdiler.

Farýap welaýatynyň ýaşaýjylary ýaragly toparlaryň özleriniň durmuşyna, azatlyklaryna we namysyna howp salýandygyny aýdýarlar. Aýdylyşyna görä, ýaragly “garakçylar” adamlaryň janlaryna kast edýärler, zorlaýarlar we hiç bir delilsiz, ýerli ýaşaýjylary saklap, adam hukuklaryny kemsidýärler.

Gürrüňi edilýän bu “garakçylar” özbaşlaryna jenaýat imperiýasyny döredip, Türkmenistan bilen araçäkleşýän welaýatda adamlary ogurlap, soňra olaryň hossarlaryndan pul soraýarlar, halky talaýarlar we şol bir wagtyň özünde-de neşe söwdasyny edýärler.

Farýap welaýatynyň resmileriniň tassyklamagyna görä, ýaragly garakçylar demirgazyk Owganystanyň 1 milliona golaý ilatly daglyk regionynyň agramly böleginde öz hökümlerini ýöredýärler. Agzalýan regionyň halky, esasan, haly dokap, maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanyp, güzeran aýlaýar.

"Talybandan" has howply

Farýabayň welaýat mejlisiniň agzasy Gulam Sahi Nawidiň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň bermegine görä, agzalýan ýaragly garakçylar "Talybandan” has howply diýilýär.

Ol şeýle diýýär: “Talybanyň” barlygy adamlaryň durmuşynda diňe töwekgelçilik döredýär. Ýöne, ynha, bu garakçylar yzygiderlilikde adamlaryň durmuşyna, namysyna we maliýe çeşmelerine howp salýar. Bular welaýatyň ilatynyň agramly bölegini emele getirýän etniki puştun, täjik, özbek we etniki türkmenleriň arasynda özleriniň has işjeňligini saklaýarlar. Garakçylar resmi hasaba alynmadyk ýaraglary göterip, bu etrapda doly tarhanlyk edýärler”.

Farýap welaýatynyň prokurory Habybylla Wasik ýerli ýaşaýjylaryň ýüzlerçe gezek degişli edaralara arza-şikaýat bilen ýüz tutandyklaryna garamazdan, häkimiýetleriň garakçylara çäre görüp bilmeýändigini belleýär. Ol bu barada şeýle diýýär: “Bu ýaragly toparlar hatda polisýa işgärleriniň üstüne-de hüjüm etdiler we agyr jenaýata baş goşan jenaýatkärleri tussaglykdan boşatdylar”.

Ýerli ýaşaýjylar ýaragly garakçylaryň öz gözegçilik edýän çäklerini giňeldip, sekiz welaýatyň 15 etrabynda öz hökümlerini ýöredýändiklerini aýdýarlar. Olar Almar, Puştun Kot, Kaýsar, Kohistan, Gorzaýwan, Hwaja Sabz Poş, Bilçyrag we Şirin Tagap etraplarynda has güýçlenipdirler.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir kohystanly Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren gürrüňinde öz ýaşaýan etraplarynyň ýaşaýjylarynyň ýaragly garakçylaryň derdinden gaty kösenýändigini aýdýar.

Ol: “Olar adamlara köplenç gaty ýowuz daraýarlar we hatda ýönekeý raýatlary hem jezalandyrýarlar. Sanalgyja gün mundan ozal olar bir bigünä ýaşulyny aýalynyň gözüniň öňünde atyp öldürdiler. Bu hadysa köp adamyň tas ýüregini ýarypdy, indi biz öz gelejegimzden alada bildirýäris” diýip, pajygaly waka barada gürrüň berýär.

Özara atyşyklar

Bir agza garalmansoň, özara garşydaş ýaragly toparlaryň arasynda ýygy-ýygydan atyşyklar bolýar. Golaýda Puştun Kot etrabynda ýüze çykan güýçli atyşykdan soň ýüzlerçe maşgala öz öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Puştun Kot etrabynyň ýaşaýjysy Amir Han etrapda dörän durnuksyz ýagdaý zerarly Farýabyň paýtagtynda, ýagny Maýmanada özüne sümelge gözlemeli bolupdy.

Ol: “Bir gezek agşamara biz öýde wagtymyz birden atyşyk sesleri eşidilip başlady. Soňra hüjümçiler raketa zat atyp öýleri otlap başladylar. Biz zordan gaçyp gutuldyk” diýip, gürrüň berýär.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran beýleki bir ýaşaýjy Puştun Kotyň halkynyň ýüreginiň agzyna gelendigini aýdýar.

Ol: “Garakçylar adamlara edil gul ýaly daraýar” diýýär. Sözleriniň üstüni ýetirip, puştun kotly, Farýabyň halkynyň welaýatda iň täsirli üç adamyň garakçylara başlyklyk edýändigini çaklaýandygyny, ýöne gorkudan ýaňa olar barada hiç kimiň dil ýarasy gelmeýändigini aýdýar.

Ozalky howpsuzlyk işgärleri

Farýab welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Ahmet Jawed Bedar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda Puştun Kot etrabynyň halkynyň 80 göteriminiň garakçylardan gorkup, etraby terk edendigini aýdýar.

Welaýatyň gizlin gullugynyň başlygy Muhammet Naim Azatlygyň Owgan gullugy bilen geçiren gürrüňdeşliginde Farýabdaky garakçy toparlara baştutanlyk edýän adamlaryň ozal ýurtdaky daşary ýurt kompaniýalarynda işländigini, olaryň işleriniň howpsuzlygyny üpjün edip, ulag kerwenlerini gorandyklaryny aýdýar.

Andrabi ýurtda zalymlykda giňden tanalan köp sanly ýaragly toparlaryň entek öz ýaraglaryny, granatlaryny, agyr ýaraglaryny we minemýotlaryny taşlamaga taýýar däldiklerini gürrüň berýär. Ol häkimiýetleriň garakçy toparlara garşy hüjüme geçendigini aýdýar:

“Biz bu ýylyň dowamynda özümize gelip gowşan 50 sany resmi şikaýata jogap berip, arzalarda agzalýan ýaragly toparlara çäre gördük”.

Ýöne Farýabyň ýaşaýjylary ýaragly garakçylaryň soňky on ýyllygyň dowamynda welaýatda gazanylan ösüşlere zyýan ýetirýändigini aýdýar. Olar: “Garakçylardan hatda polisiýa işgärleri hem gorkýar” diýip, demirgazyk Owganystanda dörän agyr ýagdaý barada gürrüň berýärler.
XS
SM
MD
LG