Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet türkmen raýatyny ekstradisiýa etdi


Orsýet Federasiýasy Türkmenistanyň raýaty Açyl Orunowy öz ýurdunda jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi üçin Türkmenistanyň kanuny goraýjy organlaryna tabşyrdy, diýip Moskwanyň prokuraturasynyň resmi maglumatynda aýdylýar.

26-njy maýda çap bolan maglumata görä, Orunow Türkmenistanyň kanuny goraýjylary tarapyndan ýurduň Jenaýat kodeksiniň 229-njy maddasynyň 3 bölegi boýunça aýyplamalaryň esasynda üç ýylyň dowamynda gözlenipdir. Onuň 2010-njy ýylda Türkmenabat şäherinde “Demirbetonönümleri” döwlet kärhanasynda işlän döwründe dokumentleri galplaşdyrandygy we kärhananyň 55 müň manatdan gowrak möçberde emlägini ogurlandygy aýdylýar.

Halkara gözleginde bolan Açyl Orunow Moskwada 2013-nji ýylda tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG