Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Sosial ulgamlaryň adamlary birek-biregine ýakynlaşdyrýandygyny alamatlandyrýan surat.
Sosial ulgamlaryň adamlary birek-biregine ýakynlaşdyrýandygyny alamatlandyrýan surat.
Twitter sosial ulgamy şu ýyl Braziliýada geçirilýän Dünýä boýunça futbol ýaryşyna gatnaşýan ýurtlaryň janköýerleri üçin “hashflags”, ýagny baýdak görnüşindäki haştäg alamatyny döretdi.

Ýagny, janköýerler bu ýaryşa gatnaşýan 32 ýurduň haýsy barada öz garaýyşlaryny ýazmak isleseler, “häştäg” alamatyny goýup, şol ýurduň iňlis dilinde ilkinji üç harpyny ýazyp, tweet paýlaşyp bilerler. Şonda olaryň şol ýurduň futbol komandasy barada ýazan tweetlerini Twitter sosial ulgamyny ulanyjylaryň ählisi görüp bilerler.

Twitter

Twitter sosial ulgamy türkmen ýaşlarynyň arasynda hem giňden ulanylýan ulgamlaryň biridir. Soňky günlerde bu ulgamda häştäg alamaty goýlup ýazylýan iň meşhur sözleriň biri #tomusdaMen. Ýagny, türkmen ýaşlary bu häştäg alamatyny goýup, tomusda etmegi göz öňünde tutýan işlerini, hereketlerini beýleki ulanyjylar bilen paýlaşýarlar.

Bu häştägi ulanan agzalaryň arasynda MaksatGr, Möwlam Amanow, Begenç Ýazow ýaly türkmen ýaşlary bar. Şol tweetleriň käbirlerinde “#tomusdaMen çilimi goymaly”, “#tomusdaMen erbet garalaryn. Öñem ak däl welin” ýaly sözlemler ýazylypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda bolsa, Hakykat ýoldaş atly agzanyň gozgan temasy agzalaryň arasynda iň köp gyzyklanma döreden temalaryň biri bolupdyr. Bu agzanyň “Türkmenistanda ýer yrandy” ady bilen 8-nji iýunda gozgan temasy 13-nji iýuna çenli 731 sapar okalyp, 22 gezek hem halanypdyr we oňa 26 teswir ýazylypdyr.

Bu temada şeýle diýilýär: “7-nji iýunda Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň 123-nji kilometrinde 5.5 ball töweregi güyçlükde ýer yranmasy boldy. Bu barada daşary ýurt seýsmologiýa edaralary, esasan hem Demirgazyk Amerikanyň seýsmiki agentligi laboratoriýasy habar berdi. Ýer yranmadan soňraky netije hakynda hiç hili habar ýok. İçiňizde balkanly agzalar bar bolsa ýer yranmasyny duýduňyzmy?” diýen sorag berilýär.

Bu tema Görogly sity atly agza: “Wah, gowulyk bolsun-da, ol gepler Türkmenistanda aýdylmaýar-da...” diýip, bu hakda öz garaýşyny ýazypdyr. Köneürgenç atly agza bolsa: “Biziňkileriň habary ýok, sizde ýer titreme boldy diýip amerikalylar aýdýarmy?” diýip, kinaýaly teswir galdyrypdyr.

Aýdan sözlerinden balkanly diýip çaklanylýan Sada atly agza bolsa: “Ýok, duýamyzok, ýöne biz tarapda köp bolagan...” diýip, agzalýan meseleden teswir ýazypdyr.

Şeýle-de temany gozgan agza: “Türkmenistanda ilatda panika (dowul) bolmasyn diyip hiç zat aydylmaýar. Owgan araçäginde fewralda serhetçi 3 esgerimizi, geçen aý, maý aýynda bolsa yene 3 serhetçimizi talybanlar atyp öldürdiler. Biziň daşary işler ministrimiz R.Meredow yörite Owganystana bu mesele üçin 27-nji iyunda olaryň döwlet wekilleri bilen duşuşyp gaýtdy. Şu günler bolsa olaryň resmi döwlet wekilleri Aşgabada geldiler. Barybir adamlar bir zat bolsa ýyldyrym çaltlygynda duýýalar. Hernä, ýurdumyz asuda bolawersin, Hudayym!” diýip, ýurtda söz azatlygynyň bolmazlygynyň islendik wagtda kyn ýagdaýy döredip bilýändigini ýaňzydyp, öz garaýşyny bildiripdir.
XS
SM
MD
LG