Sepleriň elýeterliligi

​ÝB energiýa gepleşiklerine umyt baglaýar


Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça komissary Gýünter Ettinger (Guenther Oettinger) Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky tebigy gaz baradaky gepleşikleriň 14-nji iýunda gaýtadan geçirilmegini umyt edýändigini aýtdy.

13-nji iýunda Lýüksemburgda eden çykyşynda Ettinger gürrüňi edilýän iki ýurduň energetika ministrleriniň we tebigy gaz kompaniýalarynyň başlyklarynyň gepleşiklere gatnaşmagyna garaşýandygyny belledi.

Ettinger bu gepleşik üçin özüniň islendik ýerde duşuşmaga isleglidigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Muňa garamazdan, Russiýanyň Energetika ministrliginiň metbugat wekili Ukrainanyň tebigy gaz karzyny Moskwa tölemek barada 16-njy iýuna çenli berlen möhletden öň, Russiýanyň gepleşikleri geçirmegi planlaşdyrmaýandygyny mälim etdi.

Tebigy gaz gepleşikleri boýunça Ukraina bilen Russiýanyň arasynda 11-nji iýunda Brýüsselde geçirilen gepleşikler netijesiz tamamlanypdy.
XS
SM
MD
LG