Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan 10 ýurda wiza režimini gowşatmakçy


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Gazagystan dünýäniň 10 ýurdunyň raýatlary üçin wiza režimini gowşatmakçy bolýar diýdi.

Nazarbaýew 12-nji iýunda eden çykyşynda ýurda wizasyz girmek baradaky düzgüniň Birleşen Ştatlaryň, Nederlandiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Malaziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň raýatlaryna degişlidigini aýtdy.

Astanada geçirilen “Gazagystanyň Daşary ýurt maýadarlar geňeşinde” eden çykyşynda Nazarbaýew gürrüňi edilýän ýurtlaryň Astanada işjeň derňelýändigini aýdyp, “biz birtaraplaýyn 10 ýurduň raýatlaryna ýurda wizasyz girmegi hödürleýäris” diýdi.
Gazagystanda gürrüňi edilýän täze düzgüniň haçandan başlap güýje girjekdigi barada takyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG