Sepleriň elýeterliligi

​Täjigistan: Iki adam tussag edildi


Täjigistanyň günortasyndaky Kulob şäherinde ýurduň oppozision “Täjigistanyň Yslamyň täzeden döreýiş” (TYTDP) partiýasynyň başlygy Muhiddin Kabirä garşy amala aşyrylan hüjüm bilen ilteşikli iki adam bäş gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Kulob şäheriniň polisiýa resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 12-nji iýunda tussag edilen iki adamyň biri “Täjigistanyň Yslamyň täzeden döreýiş” partiýasynyň agzasydyr.

10-njy iýunda Kabiri Kulob şäherine sapar eden mahaly, oňa ýumurtgalar we pomidorlar zyňylypdy. Bu wakada şübhelenilip, ýedi adam tussag edilipdi.

Aprel aýynda gürrüňi edilýän partiýanyň başlygynyň orunbasary Saidumar Husaini, onuň ogly we gürrüňi edilýän partiýanyň ýokary geňeşiniň agzasy ýurduň Daglyk-Badahşan welaýatynda nämälim adamlaryň topary tarapyndan urlup-ýenjilipdi.

“Täjigistanyň Yslamyň täzeden döreýiş” partiýasy öňki Sowet Soýuzynyň düzümindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda resmi taýdan hasaba alnan we parlamentiň düzümine girýän ýeke täk yslamçy topardyr.
XS
SM
MD
LG