Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-ÝB: Energiýa maslahat edildi


Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi energiýa hyzmatdaşlygyny we Hazar deňziniň ekologiýany maslahat etdiler.

Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça baş müdirliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Fabrisio Barbasa bilen düşüşyk geçirildi.

Türkmenistan we ÝB arasynda özara energiýa hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikler 2011-nji ýyldan bäri alnyp barylýar we türkmen gazyny Ýewropanyň bazaryna çykarmak boýunça Trans-Hazar gaz geçiriji proýektine garalýar.

21-nji maýda Türkmenistanyň Awaza syýahat zonasynda geçirilen 5-nji Halkara gaz kongressinde bäri Aşgabat energiýa hyzmatdaşlygy meselesi boýunça Ýewropa Bileleşigi, Türkiýe we Azerbaýjan bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.
XS
SM
MD
LG