Sepleriň elýeterliligi

Hökümet güýçleri Mariupoly eýelediler


Ukrainanyň hökümet güýçleri, 14-nji iýun, 2014.

Ukrainanyň hökümet güýçleri, 14-nji iýun, 2014.

Ukrain häkimiýetleri hökümet goşunlarynyň Mariupol port şäherini öz gözegçiligine gaýdyp alandygyny aýtdy. Bu harbylaryň ýurduň bu günorta-gündogar şäherinde geçiren harby çäreleri Ukrainanyň gündogarynda orsýetparaz pitneçileriň basyp alan ýerlerini yzyna gaýdyp almak işinde geçirilýän harby operasiýalaryň bir bölegi bolup durýar.

13-nji iýunda Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow hökümet güýçleriniň Mariupol şäheriniň baş administratiw edarasynyň depesinde Ukrainanyň milli baýdagyny dikendigini habar berdi. Bu beýannamanyň separatistler tarapyndan inkär edilendigi barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýok.

Mariupol ugrundaky söweşlerde bäş pitneçiniň we Ukrainanyň hökümet güýçlerinden-de azyndan iki adamyň wepat bolandygy aýdylýar.

Awakow ukrain goşunlarynyň şähere basyş edip başlandygyny yglan edenden soň pitneçiler hökümet güýçleriniň esgerlerini alyp barýan harby ulagy partladandyklaryny we bu hüjümde köpsanly ukrain esgerleriniň ýaralanandygyny habar berdiler.

Donetsk regionynyň ululygy boýunça ikinji ýerde durýan şäheri bolan Mariupol Ukrainanyň günorta-gündogarynda, ýagny Orsýet bilen aradaky serhetden ýurduň beýleki böleklerine barýan iň uly ýoluň ugrunda ýerleşýär.

Serhetden geçen tanklar

Awakow hökümet güýçleriniň ýurduň Orsýet bilen aradaky serhediniň 120 kilometrlik liniýasyny-da gozgalaňçylaryň elinden alandygyny köpçülige ýetirdi.

Interfaks agentligi, Ukrainanyň Goranmak ministrligine salgylanyp, uly mukdarda ok- ýaraglary alyp barýan 40-dan gowrak gozgalaňçynyň Donetsk regionynyň Stepanowka obasynyň golaýyndaky söweşde öldürilendigini habar berdi. Ministrlik 12 sany ulagyň sandan çykarylandygy, şol sanda iki sany bronly harby tehnikanyň, iki tankyň we iki ýük maşynynyň ýok edilendigini mälim etdi.

Bu maglumat häzirlikçe garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklananok.

12-nji iýunda Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow Orsýetden birnäçe söweş tanklarynyň Ukrainanyň serhedini kesip, Ukrainanyň giňişligine aralaşandygyny aýtdy.

“Aňtaw we degerli gulluklaryň maglumatlary Orsýet Federasiýasynyň parahatçylyk prosesi goldaýandygy barada we döwlet serhedini pugtalandyrmagy buýrandygyny aýtmagyna garamazdan, soňky üç günüň dowamynda Orsýet Federasiýasy tarapyndan, hususan-da, Dýakowo obasynyň golaýyndaky terrorçylaryň elindäki geçiş nokatlaryndan harby kolonnalaryň Ukraina girýändigini görkezdi”.

Resmi gepleşik

Kiýew Orsýetiň üç tankynyň we birnäçe harby ulagynyň Ukrainanyň gündogar serhedini kesip geçmegi barada aýtmagynyň yz ýany, 12-nji iýunda, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Orsýetiň pitneçileri goldap, öz territoriýasyndan Ukraina ýaragly adamlary we söweş tehnikasyny ibermegi bilen baglanyşykly protest bildirdi.

Telefon söhbetdeşliginde Poroşenko şeýle aksiýalary “ýolberilmesiz” diýip atlandyrdy.

Orsýet Ukrainanyň kanuny hökümetine garşy urş alyp barýan pitneçilere assyrynlyk bilen Orsýetiň söweş tanklarynyň we beýleki söweş enjamlarynyň berilýändigini ret edýär.
XS
SM
MD
LG