Sepleriň elýeterliligi

Yrakly türkmenleriň ahwaly


Mosuldan gaçyp çykan maşgalalaryň biriniň çadyry, 13-nji iýun, 2014.

Mosuldan gaçyp çykan maşgalalaryň biriniň çadyry, 13-nji iýun, 2014.

Halkara habar serişdelerinde Yrakda jeňçi toparlaryň ýurduň ikinji uly şäheri Mosuly eýeländigi, paýtagt Bagdada hem howp salmaklarynyň ahmaldygy aýdylýar. Emma Türkmenistanyň resmi metbugatynda bu wakalar barada hiç zat aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň bu sanynda Yrakda ýaşaýan türkmenleriň şu günki günlerde başdan geçirýän ahwalatlary barada erbilli metbugat işgäri bilen söhbetdeşlik guraldy.

Şeýle-de bu gepleşikde Saud Arabystanynda ýaşaýan türkmenleriň gün-güzeran aladalary barada söhbetdeşligi diňläp bilersiňiz.

Mundan başga, gepleşigiň dowamynda size prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Türkiýä eden sapary we daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň ol sapara garaýyşlary barada geçirilen söhbetdeşlik garaşýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG