Sepleriň elýeterliligi

Mälim bolşy ýaly, türki dilli halklaryň arasynda 2014-nji ýyl Magtymguly ýyly diýip yglan edildi. Bu mynasybetli dürli ýurtlarda Magtymguly dabaralary geçirilýär.

Magtymgulynyň Eýrandaky mazarynyň başynda bolmak bilen dünýäniň dürli ýurtlaryndaky türkmenleriň arasynda geçirilýän Magtymguly günleri, dabaralary, baýramlary barada näme bilýärsiňiz, olara nähili baha berýärsiňiz?

Siziňçe, olar talabalaýyk geçirilýärmi we bu meselede dünýä türkmenlerine aýtjak zatlaryňyz barmy?

Azatlyk Radiosy “Dünya türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sany üçin "Magtymguly nähili ýatlanyar?" görnüşinde pikir soraýyş geçirýär.

Muňa sizem gatnaşyp, öz bellikleriňizi we bilýän maglumatlaryňyzy Azatlyk Radiosynyň “Dünya türkmenleri” gepleşigi arkaly diňleýjilere ýetirip bilersiňiz.

Sizi şu forumda pikirleriňizi aýtamaga çagyrýarys. Şeýle-de siz bize hat ýazyp bilersiňiz. Habarlasmak üçin hat salgymyz: hat@azatradio.org

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG