Sepleriň elýeterliligi

Türkmen turizmini näme bökdeýär?


Awazadan bir görnüş

Awazadan bir görnüş

Türkmenistanda soňky ýyllar ýurda daşary ýurtlardan has köp turist, syýahatçy çekmek meselesi barada wagtal-wagtal hökümet maslahaty derejesinde gürrüň edilýär.

Şol bir wagtda Hazaryň kenarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän dynç alyş şertleriniň döredilendigi, ýurduň beýleki bir topar ýerinde hem hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylýandygy aýdylýar.

Mundan başga, Türkmenistanda bir topar taryhy ýerleriň, tebigy gözelliklleriň, hem içeri, hem daşary ýurt syýahatçylarynyň ünsüni çekjek täsinlikleriň az däldigi, eger bu iş dogry we halkara ölçeglerine laýyk ýola goýulsa, täze iş ýerlerini döretmekde, ykdysady girdeji almakda köp peýdasynyň boljagy aýdylýar.

Bir tarapdan, Türkmenistana barýan daşary ýurtly syýahatçylaryň S.Nyýazow döwründäkiden köpelendigi aýdylýar. Emma ikinji tarapdan, ýurtda halkara turizminiň ösmegine böwet bolýan zatlaryň hem az däldigi habar berilýär.

Eýsem, türkmen turizmini näme bökdeýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu soraga bagyşlaýar. Bu barada pikirleriňizi aýdyp, söhbete goşulsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG